Diýarymyzda köpçülikleýin ýowarlar geçirildi
2026-njy ÿylyň 7-nji noýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde köpçülikleýin ýowarlar geçirildi. Diýarymyzda geçirilýän bu ÿowarlar halkymyzyň agzybirligini we watansöýüjilik duýgusyny görkezýän asylly däpleriñ birine öwrüldi. Köpçülikleýin ÿowarlaryñ çäginde bag nahallary oturdyldy, daş-töwerek abadanlaşdyryldy. Ýowara "Ýowar bilen bitmedik iş bolmaz" diýen paýhasly sözi özlerine ýörelge edinen ýaşuly we ýaş nesliň wekilleri işjeň gatnaşdylar.
Ýowar çäreleri Balkanabat şäheriniñ tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdepde hem geçirildi. Mekdep ýowarynda mugallymlar okuwçylar bilen bilelikde mekdebiň daş-töweregini arassaladylar, agaçlara ideg etdiler, gül nahallaryny oturtdylar. Ýowaryň netijesinde mekdebiñ howlusy has-da arassalandy we gözel görke geldi.
Köpçülikleýin ýowarlar ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Çünki, Watany söýmek onuň ösüşine we abadanlaşmagyna goşant goşmak bilen hem ölçenilýär. Ýowar halkymyzyň jebisliginiň hem-de agzybirliginiň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyzda şeýle asylly däpleri dowam etdirmek we geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.
Balkanabat şäheriniñ tebigy ugurly derslere
ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniñ
türkmen dili we edebiýat mugallymy