TM EN RU
Logo
Polşa Respublikasynda matematika bäsleşiginde talyplaryň gazanan halkara üstünlikleri
2026-11-11T14:49:44.158937+05:00

Polşa Respublikasynda matematika bäsleşiginde talyplaryň gazanan halkara üstünlikleri

2026-njy ýylyň 4-10-njy noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara toparlaýyn matematika bäsleşigi (International Students Team Competition in Mathematics, ISTCiM-2026) geçirildi. Bu bäsleşige Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdylar.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary şahsy hasapda geçirilen bäsleşikde Garlyýew Oguzhan birinji orny eýeläp altyn medala, Annageldyýew Halymmuhammet we Myratgeldiýew Halmyrat üçünji orny eýeläp bürünç medallara mynasyp boldular. Bu üstünlikler talyplaryň Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk şanly baýramçylygyna özboluşly sowgady boldy.

Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde geçirilen bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşa Respublikasynyň, Sloweniýa Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ispaniýa Patyşalygynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň hem Fransiýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.

Halkara derejesindäki bäsleşikde gazanylan üstünlikler ýurdumyzyň bilim ulgamynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň miwesidir. Polşa Respublikasynyň Katowise şäherinde gazanylan ýeňişler ylym-bilim ulgamynda täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykýandygyny, olaryň alan bilimleriniň we ukyp-başarnyklarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti