TM EN RU
Logo
UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ 12-NJI SYNPY ÜÇIN 
TÄZE «RUS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI
2026-11-11T17:06:57.821665+05:00

UMUMYBILIM BERÝÄN MEKDEPLERIŇ 12-NJI SYNPY ÜÇIN TÄZE «RUS DILI» OKUW KITABY NEŞIR EDILDI

Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda okuw serişdeleriniň mazmunynyň hem-de hiliniň kämilleşdirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, şeýle hem okuwçylaryň dil taýýarlygyny we kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen, 2026-njy ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 12-nji synpy üçin täze «Rus dili» okuw kitaby neşir edildi. Okuw kitabynyň awtorlary O.Pirliýewa, W.Ahundowa, G.Hajymyradowa we O.Starowa. Täze neşir rus dilini okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmaga, okuwçylaryň nazary bilimlerini çuňlaşdyrmaga we amaly dil başarnyklaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen möhüm okuw-usuly çeşme bolup hyzmat edýär.

Okuw kitaby okuwçylaryň rus dili boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga, dil, sözleýiş we kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem olaryň sowatly ýazuw we dürs gepleýiş endiklerini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Okuw kitaby 64 sapagy öz içine alýan alty sany tematik bölüme bölünýär. Okuw prosesinde okuwçylar fonetika, leksika, morfologiýa, orfografiýa we sintaksis boýunça ozalky geçilen bilimlerini gaýtalaýarlar we baýlaşdyrýarlar, sözlemleriň dürli görnüşleri hem-de tekstiň gurluş aýratynlyklary bilen tanyşýarlar.

Neşirde çeper edebiýata, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, watansöýüjilige, dostluga, söýgä, ene topraga bolan söýgä, zähmete hormat goýmaga we geljekki käri saýlamaga aýratyn ähmiýet berilýär. Okuw kitabyna türkmen we rus edebiýatynyň görnükli wekilleriniň eserleriniň girizilmegi okuwçylaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge hem-de iki halkyň edebi mirasyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga ýardam edýär.

Täze okuw kitaby Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde rus dilini okatmagyň hilini ýokarlandyrmakda we okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde möhüm okuw-usuly gollanma bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi