TM EN RU
Logo
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI
2026-11-12T15:03:19.061731+05:00

ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI ÜÇIN TÄZE OKUW KITABY ÇAP EDILDI

Garaşşyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde adam saglygy döwlet derejesindäki iň möhüm meseleleriň hatarynda ähli zatdan ileri tutulýar. Beýik ösüşleriň ýolundan bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyzda ynsan saglygy barada alada etmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, döwlet syýasatymyzyň wajyp ugurlarynyň biridir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan gözbaşyny alyp gaýdýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda eziz Watanymyzyň ilatynyň saglygyny goramak, keselleri bejermek we keselleriň döremeginiň öňüni almak boýunça birnäçe anyk döwrebap çäreler bellenildi. Olar yzygiderli ýerine ýetirilýär.

Ýaňy-ýakynda bolsa, ýurdumyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem-de bu ulgamda zähmet çekýän ähli lukmanlar üçin «Şöhle bilen anyklaýyş we bejeriş» okuw kitaby (awtorlary: M.Jumaýew, H.Hydyrow – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2026) çap edildi.

Bu okuw kitabynda häzirki zaman radiologiýasynyň we rentgenologiýasynyň gazananlaryny görkezýän maglumatlar beýan edilen. Ondan başga-da, bu kitaba keselleri we patologiýalary şöhle bilen bejeriş bölümi hem-de şöhle bejergisinde ulanylýan enjamlaryň suratlary we olary ulanmagyň usullary baradaky maglumatlar hem girizilipdir.

Okuw kitaby diňe talyplar üçin däl-de, eýsem, lukmançylyk ulgamynda işleýänleriň ählisi üçin hem gymmatly gollanma bolup hyzmat eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň

Okuw kitaplaryny taýýarlamak we neşir işleri bölümi