TM EN RU
Logo
Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi
2026-11-25T19:50:03.254136+05:00

Halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi

Şu gün, 25-nji noýabrda «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny durnukly ösdürmekde öňdebaryjy tejribeleriň ähmiýeti» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.

Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda kitap hem-de himiýa ylmynyň hem-de tehnologiýalarynyň ösüşi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» köptomluk ylmy-ensiklopedik işi bilen baglanyşykly gymmatlyklaryň, bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan emeli aňyň mümkinçilikleri boýunça taýýarlanylan abzallar, enjamlar we robotehnika mümkinçilikleriň sergisi guraldy. «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň aýdymçylar we dutarçylar toparlary tarapyndan Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, berkarar Watanymyzy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany ýylyny», türkmen tebigatyny, milli gymmatlarymyzy wasp edýän aýdymlardyr ýerine ýetirilen mukamlar halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.

Halkara maslahatda daşary ýurtlaryň 13-sinden — Russiýa Federasiýasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan, Belarus, Özbegistan, Täjigistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Ermenistan Respublikalarynyň, Indoneziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we ylmy-barlag edaralarynyň alymlarynyň, ylmy işgärleriniň, aspirantlarynyň, magistrleriniň 90-a golaýy, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden, Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutyndan we Halkara ylmy-tehnologiýa parkyndan, Milli bilim institutyndan, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyndan 130-a golaý hnürämen jemi 220-ä golaý tebigy ylmy ugurlar, esasan-da, himiýa ylmy boýunça ylmy-barlag we okuw-usuly işleriniň netijeleri barada çykyş ederler.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasyna daşary ýurty we Türkmenistandan professor-mugallymlar, alymlar, hünärmenler, aspirantlar, magistrantlar we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada Eýran Yslam Respublikasynyň Bojnordaky Kosar uniwersitetiniň prezidenti, pars dili we edebiýaty ylymlarynyň doktory Kanani Ebrahim, Italiýa Respublikasynyň Kýeti Peskara uniwersitetiniň professory, himiýa ylymlarynyň doktory Carradori Simone, Ýaponiýanyň Nagoýa uniwersitetiniň professory, himiýa ylymlarynyň doktory Yamaguçi Tsuýoşi, Belarus Respublikasynyň Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň umumy himiýa kafedrasynyň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Nikolaý Kowganko, Hytaý Halk Respublikasynyň Hytaýyň Pekindäki Nebit uniwersitetiniň tebigy ylymlary institutynyň professory, himiýa ylymlarynyň doktory Zhu Di, Türkiýe Respublikasynyň Hajettepe uniwersitetiniň professory Barış Temelli, Indoneziýanyň Jenderal Achmad Yani uniwersitetiniň professory, himiýa ylymlarynyň doktory Hardian Arie, Täjik milli uniwersitetiniň dosenti, tehniki ylymlarynyň kandidaty Şuhrat Rajapow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty Hallymyrat Ataýew çykyş etdi. Çykyşlarda ýokary bilim ulgamynda tebigy we takyk bilimleriň, şol sanda himiýany okatmagyň usulyýetiniň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän derejede ýola goýulmagynyň bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagynyň hem-de bilim-ylym-önümçilik arabaglanyşygynyň döwrebap ösdürilmeginiň möhüm şertidigini bellenidi.

Hususan-da, halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjy daşary ýurtly alymlar wekilçilik edýän ýokary okuw mekdebinde himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň durnukly ösüşi üçin «G.D’Annunzio» uniwersitetiniň ugurlary, Belarus döwlet lukmançylyk uniwersitetinde himiýa kursunyň özgerdilmegi: himiýa ylmynyň logikasyndan klinik meseleleriň logikasyna çenli, kurs okatmak bilen ylmy-barlag taslamalaryň arasyndaky baglanyşygyň wajyplygy, hususan-da, himiýa ylmynyň we tehnologiýalarynyň häzirki zaman şertlerinde ösüşi, bu ugurda emeli aňyň peýdalanylyşy, himiýa boýunça ýokary derejeli hünärmenleridir ylmy işgärleri taýýarlamakda döwrebap usulyýetiň hem-de innowasion tehnologiýalaryň orny bilen baglanyşykly ylmy nutuklar bilen çykyş etdiler

Halkara ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ylym-bilim ulgamyny we ýaşlar syýasatyny ösdürmek, halkara tejribesini öwrenmek bilen ylmy garaýyşlary alyşmaga, häzirki zaman şertlerine laýyklykda bilimiň we ylmyň hil hem-de mazmun taýdan halkara derejesinde dabaralandyrmakda durmuşa geçirýän tutumly işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadaga we Türkmenistanyň hormatly Prezidentine jan-saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi «Himiýa ylmyny we tehnologiýalaryny toplumlaýyn ösdürmegiň strategik ugurlary», «Himiýany okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde gazanylan üstünlikler we öňdebaryjy tejribeler» atly bölümçelerde alnyp barlar.