Türkmenistanyň bilim işgärleri ÝUNISEF-iň «Ýaşyl mekdep» bilelikdäki Maksatnamasynyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň tejribesi bilen tanyşýarlar
Häzirki döwürde daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri aýawly peýdalanmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak tutuş adamzadyň öňünde duran möhüm wezipeleriň biridir. Türkmenistan bu ählumumy meseleleri çözmekde halkara we milli derejede möhüm başlangyçlary öňe sürýär hem-de ýaş nesillere ýaşlykdan ekologik terbiýe bermek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. 24 — 28-nji noýabr aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hünärmenlerinden ybarat wekiliýetiň Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýörite «Ýaşyl mekdepleri» sertifikatlaşdyrmak boýunça tejribeleri bilen tanyşmak üçin Özbegistan Respublikasyna bolan sapary hem bu ugurda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Saparyň esasy maksady «ýaşyl» bilim ýörelgelerini okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrmak, ekologik medeniýeti ösdürmek we sebitde bu ugurda gazanylan öňdebaryjy tejribeleri öwrenmekden ybarat boldy. Türkmen wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Hywa şäherlerinde bolup, ol ýerdäki umumybilim berýän mekdepleriň iş alyp barşy hem-de «ýaşyl» infrastrukturanyň döredilişi bilen ýakyndan tanyşýarlar. Saparyň dowamynda mekdepleri dolandyrmak, energiýany we suwy tygşytly ulanmak, galyndylary aýratyn ýygnamak hem-de gaýtadan işlemek, şeýle hem okuwçylaryň arasynda ekologik endikleri kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işlere aýratyn üns berilýär.
ÝUNISEF-iň bilermenleriniň hem-de iki döwletiň pedagogiki işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklaryň we tejribe alyşmalaryň barşynda türkmen hünärmenleri hem öz ýurdumyzda «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan üstünlikli işler barada giňişleýin gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa sebitinde öz ugry boýunça ilkinji bolan bu taslama 2025-nji ýylda Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndaky hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerindäki mekdepleriň 20-sinde badalga aldy. Häzirki wagtda bu maksatnama ýurduň 120 mekdebi goşulyp, 2030-njy ýyla çenli olaryň sanyny 500-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Wekiliýetiň agzalary türkmen mekdeplerinde döredilen eko-klublaryň işi, okuwçylaryň agaç nahallaryny oturtmak ýaly amaly başlangyçlary, şeýle hem milli sertifikatlaşdyryş ulgamy barada özbek kärdeşleri bilen tejribelerini paýlaşýarlar.
Daşkent we Hywa şäherlerindäki bilim ojaklarynda geçirilen «tegelek stol» duşuşyklarynda we amaly sapaklarda iki ýurduň bilim işgärleri okuw gollanmalaryny kämilleşdirmek, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça usulyýet işlerini taýýarlamak hem-de ene-atalary we ýerli jemgyýetçiligi mekdepdäki ekologik çärelere has işjeň çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar.
Hünärmenleriň bellemeklerine görä, şeýle halkara tejribe alyşma çäreleri sebitde ekologik bilimi ösdürmekde örän uly ähmiýete eýedir. Ilkinji nobatda, bu duşuşyklar goňşy döwletleriň bilim ulgamlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Ikinjiden, dürli ýurtlarda ulanylýan täzeçil usullaryň we amaly çözgütleriň öwrenilmegi «Ýaşyl mekdep» maksatnamasynyň hilini ýokarlandyrmaga, okuwçylaryň tebigata has-da jogapkärçilikli garaýşyny kemala getirmäge ýardam edýär. Mundan başga-da, Merkezi Aziýa sebitinde umumy ekologik we howa meselelerini çözmekde bilim edaralarynyň tagallalaryny birleşdirmek Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär.
Kerimmuhammet MUHAMMETORAZOW
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň umumy orta bilim bölüminiň hünärmeni.