TM EN RU
Logo
Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk. Hünär derejesi kämilleşdirilýär, halkara tejribeler öwrenilýär
2026-11-27T18:40:00.526063+05:00

Ylym-bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk. Hünär derejesi kämilleşdirilýär, halkara tejribeler öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowyň parasatly içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirýän döwrebap özgertmeleri, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň abraý-mertebesi dünýä derejesinde has-da belende galýar. Ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, senagat taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösmeginde ylym-bilim ulgamy berk binýat bolup hyzmat edýär.

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda netijeli zähmet çekýän «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň (UTP) arasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda ylym-bilim ulgamynda özara bähbitli we dostlukly hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Taraplaryň arasyndaky bu hyzmatdaşlygy täze basgançaga çykarmak we onuň gerimini has-da giňeltmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy.

Şu giň gerimli hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde, nebitgaz toplumy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, talyplary «PETRONAS» kompaniýasynyň baý tejribesi bilen tanyşdyrmak hem-de mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 23-25-nji noýabry aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň (UTP) Hünär bilimi we hünär ýokarlandyryş merkeziniň (CAPE) professor-mugallymlarynyň Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine okuw sapary gurnaldy. «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň ýardam bermeginde guralýan bu okuw saparynyň çäklerinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň Hünär bilimi we hünär ýokarlandyryş merkeziniň (CAPE) professor-mugallymlary - doktor Muhammad Lukman Bin Hasan, doktor Mysara Bin Mohamed Saidi hem-de doktor Iskandar Bin Dzulkarnain tarapyndan uniwersitetde iki ugur boýunça ýörite hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary geçirildi.

Bu okuwlar iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup, ylym-bilim ulgamynda halkara tejribäni alyşmak, häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmek we nebit-gaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň hilini ýokarlandyrmak maksadyna gönükdirilendir.

Okuw maksatnamasyna laýyklykda, hünär ýokarlandyryş okuwlary «Nebitgaz inženerliginde we geologiýada emeli aň» hem-de «Nebitgaz inženerliginiň tehnologiýalary» atly möhüm we döwrebap ugurlary öz içine aldy. Bu okuwlara Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarynyň 20-si hem-de talyplarynyň 30-sy gatnaşyp, nebitgaz pudagynda ulanylýan innowasion tehnologiýalar, geologiýada we inženerçilik hasaplamalarynda emeli aňyň mümkinçilikleri boýunça dünýäniň öňdebaryjy tejribesi öwrenildi.

Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatdaky taýsyz tagallalary, ýaş nesil hakynda edýän yzygiderli aladalary, döredip berýän giň mümkinçilikleri we şertleri üçin Hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň